۱۳۹۰ اسفند ۸, دوشنبه

Öykelek gyz

Bir gyz söydum

aga gara egrä dogry diysede

Mahal mahal unutsada wadasyn

Gijä çenli garaşdyryp goysada

Bir gyz söydum
sözleri bilen yuregime duşsede

Geyinende gabanjymdan ölsemde

Men nädeyin saylap saylap söyenim, öykelek bolsa

Bir gyz söydum, ähli şertleri bilen

Iňňirdesi kemi artygy bilen,

Şertleri iliňkä meňzänok onuň,

Bitirmäge güyjim yetenok meniň.

Nämemiş, gunde 5 wagt habar tutmali!

Okuwdan soň ugratmaly öyune.

Yadan bolsa taksi bilen eltmeli!

Seretmeli diňe onuň yuzune!

Her bayramda sowgat alyp bermeli

Doglen guni sowgatlaryň gymmadyn

Gowşurmali,yogsam guniň görmeli

Yogsam bir ay ony görman gezmeli

Bazara gitssede bile gitmeli

Yetirmeli söwdasynyň öwgusin

Satyjy göwnune degayse eger

Hökman beraymeli satyjyň bergisin

Yerine bermeli onuň bergisin...

Toya gitse hökman alyp gaytmali

Yoldada bermeli söýgi posasyn,

Yadyňdan çykasýsa Alla saklasyn!!!

Dostlaryny dost tutmalin özume

Duşmanlary duşman bolmali maňa

Eger ynanmasa aydan sözume

Ant içmeli gara sürtip yuzume

Onuň bolsa her aydan sözuni

Doga edip dakynmali boynuňa

Säginip yalňyşaysaň birdenkä

Derrew düztmeli özi aňmankaş

Adamçylyk, yolda yöräp baryankaň
Gözuň düşse başgasyna birdenkä

Öwrulmeli, yanyňdaky duymanka

Garaz şertleriniň ondan biri şujagaz

Garaz meniň söyenim şular yali gyz

Sözler bilen yuregime duşsede,

Saçlarym döksede bilim büksede,

Sögsede söysede janym yaksada,

Iller gep etsede gybat etsede,

Alla şayat men nädeyin, saylap saylap söyenim öykelek bolsa...

۱۳۹۰ بهمن ۱۷, دوشنبه

çagyl daşlary

-kakajan bular name? Diyip, Ahmet elindaki çagyl daşlaryny görkezip
kakasyndan sorady

-çagyl daşlary oglum, diyip jogap berdi kakasy. Ahmet eline birnäçesini alyp;
-bularam çagyl daşlarymy kaka?

-hawwa oglum, diydi. Ahmet hayran galmak bilen:

-kakajan bärde diyseň köp çagyl daşalary bar eken, diydi. Kakasy daş töweregine seredip:

-dogry aydyaň oglum, diydi

-kakajan eysem bu dünýäde çagyl daşlaryndanam köp zat barmyka

-hawwa oglum bar, gyanasakda bar... diydi kakasy ýüzüni ýere salyp.

-kakajan, o nämedir?

-kakaň günäleri oglum, kakaň günäleri...

-beyle bolsa, kakajan, seniň günäleriňdenem has köp zat bamy?

-hawwa bar oglum, bar... Allanyň rähmeti!

Gadyrly agzalar Allajanyň merhemeti gazabyndan hem uludur.

çagyl daşlary

-kakajan bular name? Diyip, Ahmet elindaki çagyl daşlaryny görkezip

kakasyndan sorady.

-çagyl daşlary oglum, diyip jogap berdi kakasy. Ahmet eline birnäçesini alyp;

-bularam çagyl daşlarymy kaka?

-hawwa oglum, diydi. Ahmet hayran galmak bilen:

-kakajan bärde diyseň köp çagyl daşalary bar eken, diydi. Kakasy daş töweregine seredip:

-dogry aydyaň oglum, diydi.

-kakajan eysem bu dünýäde çagyl daşlaryndanam köp zat barmyka?