۱۳۸۹ مهر ۵, دوشنبه

Gijeki myhman


Tümüň ýary penjirämiz kakyldy
— Salam
— Salam, Kim borsuňyz, eý, daýy
Myhman jogap berdi örän akylly
— Menmi? Ajal
Has dogrusy — Ezraýyl


— Gaty oňat
Geliň, geçiň, oturyň
Size haýsy gerek, kofemi ýa çaý
— Maňa, gowsy, boş çüýşejik getiriň
Ol seniň janyňy saklar örän jaý


— Bagyşlaň
Siz ýalňyşýan-a dälsiňiz
Meniň keselim ýok. Özümem juwan
Belki, jaý nomerim ýalňyşansyňyz
Men-ä, walla, hiç düşünip bilmeýän


— ÝOK, men jaý nomerin ýalňşamok, ýok
Men geldimmi — boş gitmäni halamok
— Bilýän, ýöne men ölesim gelenok
Janym sagat, durmuşymdan nalamok


— Sen ilk-ä aglama, soňam aldama
Aldawyň köp bolsa, jezaňam artýar
Onsoňam bilip goý, her bir adama
Meniň saýlap-seçen bir perişdom bar


Ine, senin diýen sözleň barada
Ser-edip gör, şunça Fakt gowuşdy
— Niçik?—diýip sorajakdym, şobada
Bir kitap gütüläp öňüme düşdi


Kitaby agyz däl, göz bilen iýýen
Düşünýän, arada bar ullakan syr
Ýokarsynda meniň adym, familýam
In aşakda bolsa „Ezrabylneşir“


Ýüregimde zat galmady hemleden
Şo pursat ajalym ýakyn göründi
Bu iş meniň bir kitaba jemlenen
Ölüm hakyndaky goşgularymdy


— Ine, indi bildin gerek, ýaş ýigit
Neçün gelenimi tünuň ýarynda
Seniň ahy-nalaň ýüregmi iýip
Ýer tapmadym tünegimiň töründe


Şatlykdan, begençden, ýaşlykdan ötüp
Siz nämüçin beýle hala düşdüňiz
Beýtmäň ahyr, işim özüme ýetik
Meniň halys ýüregime düşdüňiz


Juwan halyňyza gojadan beter
Çekýärsiňiz bu dünýäniň ahyny
Her kimiň mütdedi wagtynda ýeter
Siz bir entek azar bermäň ahyry


Wasp ediň ýaşaýşy, beýik şatlygy
Gözelleriň elden ýeňil öýmesin
Ýat ediň ölüm — çyn berbatlygy
Wasp ediň çagalaň säher deý sesin


Eger, walla, erkim bolsa özümde
Taşlap şu kärimi allaowarra
Ýaşardym şadyýan ýeriň ýüzünde
Guwanyp ýaş ýigit, gözeldir garra


Men baran ýerimde ýatýar şagalaň
Aýdym aýdylanok, çalnanok dutar
Eger adam bolsa Allatagalan
Meni beýle jeza etmezda duçar


Birden onuň gözlerine ýaş gelip
Bolşy meniň jigerima daglady
Hasratdan müzzerip
Bir gysym bolup
Titräpler ykbalyndan aglady


Dözmedim men ol pahyryň halyna
Kärini unutdym bu şum apatyň
Emaý bilen baryp onuň ýanyna
Onuň bedibagt başyn sypadym


Diýdim:—Besdir, bozulma sen, ýaşuly
Men-ä asyl höwrügäýdim seň bilen
Köne ülpetler deý, köne dostlar deý
Onuň bilen hümürdeşdik daňa çen


- Äý — diýdi — bolsa-da aralarmyz daş
Içimi bir dökeýin diýip gaýtdym
- Bir gören tanyş bor, iki — garyndaş
Kyn günüňde geläýgin — diýp aýtdym


— Ýamanlyga duşmaweri ylaýym
Derdim egsiläýdi diýen sözüňden
Siz bir işli adam
Zyýan bermäýin
Işläň! — diýip
Sumat boldy gözümden
G.EZIZOW

هیچ نظری موجود نیست: