۱۳۸۹ مهر ۱۶, جمعه

Ýagyş damjasy


Saňa nur diýýäler. Seni aglaýan älemiň gözýaşyna meňzedýäler. Gurbannazar mawy gözleriniň görejine deňäpdir seni. Şahyryň atasy Hümmet molla tamynyň üçegine syrçaly tabak goýup seni ýygnapdyr. Soň ýagyş damjalaryndan ýygnanan dury suwa gijeler ýatman dem salyp, dertli bendelere beripdir. Gurbannazaram gözlerine daman şol iki damjadan şygyr döredip, şalaryň elinden gelmeýän serpaý edip, iline bagyşlapdyr.

Ýaz ýagşy ýaganda Ýeriň ýüzi ýalkanan bendäniň ýüzi ýaly ýagtylyberýär. Asmandan dür damjalary dökülende, mahal-mahal, ýapraklaryň ýüzündäki kirşen ýaly galňap giden günälerim älem-jahan bilen birlikde ýuwulýan ýaly bolýar. Ýene Gurbannazary ýatlaýan:
"Men - bu dünýäň daragtynyň ýapragy..."

Ýöne men - kirşen basan ýapragy. Ýagyş damjasy, gel, üstüme dam. Sen Ýaradanyň iberen gudraty. Sen şeýle bir güýçli ýagaňda, Ýerden asmana çekilen lowurdap duran inçejik sapaga meňzeýäň. Ol sapaklar daşyma dolaşyp, men garybam Alla bilen baglanyşdyrýan ýaly bolýar. Muny duýmagym hakykatdanam meni - kirşen basan ýapragy - ýuwýan bolsa gerek. Çünki şol pursat başymdan geçýän duýgularyma diňe Ýaradanyň özi düşüner. Oňa hiç kim düşünmez, özümem düşünemok. Ýekeje mysal, ýüregiňdäki tekepbirligiň ýagşyň damjasyna eräp gidişine düşünip bolarmy ýa-da ony düşündirmek mümkinmi?!

Guburym - güberlip duran gum - sen ömrümiň menden eden öýkesine meňzäp tüňňerer durarsyň. Emma seniň üstüňe ýagyş damjalary damar, agyr öýkäni, ýyllar geçer, ýaz ýagşy ýazar. Seniň sesiňi, älem-jahanyň owazyny, sazyny diňlän ýaly diňläp ýataryn. Tüňňerip duran topragam ýer bilen deňleşer gider...


Töre Hangeld
i

۱ نظر:

اُغلن کبیر گفت...

این رسم‌الخط با این‌که خوندن رو راحت‌تر می‌کنه و می‌شه بهتر ترکمنی رو باهاش خوند ولی من وقتی می‌بینمش می‌ترسم. نمی‌دونید چه جون کندنیه!
:دی