۱۳۸۹ آبان ۱, شنبه

Gözýaşyň damjasy



Adam beýnisiniň kartasynda "şatlyk nokady" diýlen ýer bar. Eger-de şol nokada çalaja elektrik toguny goýberip oýandyryp dursaň, adam hemişe ýylgyrýar ýörýär. Munuň üçin, gulagyň ýeňsesinde kiçijik batareýa goýmak ýeterlik. Emma hiç kim beýle etmeýär. Dogrusy, adamlaryň bu aňsatjak şatlykdan peýdalanmaýandygyny ilki bada geň görüpdim. O döwürler ýaş oglandym, her kim diňe şatlanmak üçin ýaşaýandyr öýderdim. Gussaň, gözýaşyň nämedigini-hä asla bilmezdim. Şahyr:

"Bu aýralyk bolmasa,
Güýzüň görki näm bolsun?!"

diýende, içimden: "Näme üçin beýlekä? Näme üçin güýzüň görküni duýmagymyz üçin hökman aýralyk bolaýmalyka?" diýip pikir edenimi duýman galardym. Şol ýyllar biri maňa "Bu dünýäni jennet etjek bolup azara galyp ýörme, jennet o dünýede" diýende, gaty erbet bolupdym. Edil dünýäni jennete öwürjek bolup ýörenlerden bolmasamam, nähak ýere şarpyk çalnan ýaly, meniň üçin bar zat birden dik başaşak bolup, manysyny ýitirip durberipdi. Ynsan öz dünýesini gowlandyrmak, başarsa jennete öwürmek üçin kimi gydyrdanyp, kimi atylyp-çapylyp birini iki etjek, kimi ruhuny kämilleşdirip, iki dünýesinem abatlajak bolup ýörenokmy ýogsa?!

Soň ýuwaş-ýuwaş ýakymsyz eşdilen pikir bilen razylaşsam-razylaşmasam öwrenişdim. Has anygy, bu pikiri başarsam unutmaga, ony ýatlamazlyga çalyşdym. Edil biziň gözümize ýaş aýlamagy islemeýşimiz ýaly, bu düşünjäni aklyma-da golaýlaşdyrasym gelmedi. Emma bir pikirden gaçsaň ol seni kowalap, günüňe goýman başlaýar eken.

Bu dünýäni jennet edip bolmasa-da ony dowzaha öwrüb-ä bolýar. Mauthauzeni ýa-da Nagasakini mysal almaňda-da dowzaha dönen günleri özüm ýaşap görenim üçin aýdýan. Häzir olary ýatlasamam dünýäm daralyp barýar. Eger bu dünýe dowzaha dönüp bilýän bolsa, jennete-de öwrülip bilmeli. Ýogsa mantyk ýitýär. Ýaradanyň ýalançysynda näme bar bolsa, şonuň tersi hem ýaradylypdyr. Wagtymy hoş geçiren günlerim sizi jennete deňäp bilemok. Jennet ol pursatlardan has üýtgeşik lezzetli bolmaly. Ýa-da dowzah diýýän günlerim sizem dowzahyň ýanynda hiç zatmykaňyz? Aýdylýar-a Gün dowzahyň odunyň bir bölejigimiş diýlip. Emma Gün Ýerden näçe uzakda bolsa-da hemişe gaýnap duran howrundan ýaňa tomsuň güni kölegede janyňa jaý tapyp bolanok. Meniň ýatlamda ýüregimi dilim-dilim dilýän, dowzaha deňeýän günlerimem hakyky dowzahyň bölejiginiň bölejiginiň bölejigimikä? Belki, şonça-da ýokdur?

Jennetiň gürrüňini etmek islän halyma dowzahdan söz açmaly boldum, pylan ýere barsa gerek diýip ýola çykaňda, öwrümli, kötelli ýollaryň seni oslamadyk ýeriňe eltişi ýaly. Bütin ömrüni musulman bolup ýaşan adam, ölende kapyr bolup hem ölüp bilermiş. "Iman äkidenlerden bolsun" diýlip dilegi edilýän pahyryň kim bolup öleni näbelli. Adam ejizlese iň soňky demi sogruljak-sogruljakda bütin ömür boýy gulluk eden ynamyny inkär etmegi mümkinmiş. Megerem, şol pursat şeýtan seni özünki etmek üçin iň soňky synanşygynda ähli başarýanyny, bilýänini ulanýandyr. Belki-de şonda adamyň şeýtan bilen edýän söweşi ölmek-aýrylmak ajysyny duýmaga-da maý berýän däldir. Ýa-da perzendiň seniň gidip barýanyňa gynanjyna saklanyp bilmän gözünden damdyran ýekeje damja gözýaşynam şeýtan garşyňa ulanýandyr...

Şu wagta çenli gözýaşy ruhy ýuwýan, günälerden arassalaýan, göwrümiňi giňeldýän, şüküriňi artdyrýan... gowy zatdyr öýdýärdim. Elbet, men merdiň gözünden daman damja hakynda aýdýaryn. Ýöne atasyny elinden aldyryp barýan ogul, ýa-da ogluny ýitrip barýan ata näçe merdem bolsa, gözüne ýaş aýlap biler. Şonam şeýtan öz bähbidine ulansa... Ulanar, ulanjakdygyna şübhe bolmaz. "Ýa, adamlar dirilige däl, ölmäge taýýarlanaweriň!" diýip gygyryberesim gelýär. Gygyrardymam, eger özümiň şol ejizlänleriň arasynda bolmajakdygyma anyk ynamym bolsa.

Ýa, Ýaradan bu pursatdan özüň aman geçireweri...

Töre Hangeldi.

۴ نظر:

غفور گفت...

salam
اجوگلین محترم وبلاگ شما در TWD ثبت گردید. حمایت شما موجب دلگرمی خواهد شد.

ظهری گفت...

عید بزرگ قربان را به شما تبریک می گویم

اُغلن کبیر گفت...

سلام اجوجکه
عیدتون مبارک!

ajinavat گفت...

اغلن گفت شما اجکه ی اینترنتی اش هستید. از اونجایی که چندی است اغلن شده برادر نتی ما، گفتم شاید افتخار بدین و سایه ی اجکه بودنتان را بر سر ما هم بگسترانید. انشاالله به زودی هم فرصت بشه و بیام تمام پستاتونو تک به تک بخونم. این متن اول چون کمی سخت بود خوندنش ترسیدم از الان شروع کنم:) زنده باشید